Ykdysady ösüş makro we mikro derejede önümçiligiň ýokarlanmagy, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagy hem-de olaryň görnüşleriniň artmagy, bazis ýyl bilen deňeşdirilende hasabat ýylynda görkezijileriň ýokarlanmagy bolup durýar. Ykdysady ösüşe birnäçe faktorlar täsir edýändir. Olara ykdysady bähbitler, bäsleşik we beýlekiler degişlidir. Bu faktorlar bilen birlikde ykdysady ösüşe ylmy-tehniki progres hem güýçli täsir edýär.
Biz ylymda hem-de önümçilikde ylmy-tehniki progres diýen adalga has köp duş gelýäris. Onuň ykdysady edebiýatlarda ýeke-täk kesgitlemesi ýokdur. Ýöne umumylaşdyrylan görnüşde ylmy-tehniki progrese birnäçe kesgitlemeler berilýär.
Ylmy-tehniki progres – bu ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, şeýle hem önümçiligi we zähmeti guramagyň täzeçe usullaryndan peýdalanmakdyr.
Ylmy-tehniki progresiň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylanda olar gysga wagtyň içinde maksimal derejede ykdysady we durmuş netijeliligini ýokarlandyrmalydyr.
Ylmy-tehniki progresiň esasy ugurlaryna elektrofikasiýa we önümçiligi toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak hem-de awtomatlaşdyrmak degişlidir.
Elektrofikasiýa – bu jemgyýetçilik giňeldilen üznüksiz önümçiliginde elektroenergiýany üznüksiz peýdalanmak we ony öndürmek prosesidir. Bu proses iki taraplaýyn hasaplanylýar, bir tarapdan ony öndürmek, beýleki bir tarapdan bolsa ony peýdalanmakdyr.
Önümçiligi toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak hem-de awtomatlaşdyrmak – bu önümçiligiň aýry-aýry böleklerinde el güýjüniň peýdalanylmagyny bes edip, onuň ýerine dürli görnüşdäki işleri ýerine ýetirýän maşynlary ornaşdyrmakdyr.
Ösen döwletlerde ylmy-tehniki progresiň netijesinde önümçilik işlerini has-da ýokary derejede ýola goýmaklyk boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar hem-de “Senagat 4.0” we “Senagat 5.0” adalgalary önümçilige güýçli depginde ornaşdyrylýar, ýagny önümçilik işlerini robotlaryň kömegi bilen alyp barmaklyga hem-de şol önümçilikleri döredijilikli zähmet çekýän işgärler bilen birlikde robotlaryň kömegi bilen ýola goýmaklyga üns güýçlenýär. Bu bolsa ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna, ykdysady ösüşiň artmagyna getirýär.
Daýanç Mürrikow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Ãerden peýdalanmagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm çäreleriň biridir