28-nji noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döredilen gününde bu gurama agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Bu sammitde oňa gatnaşyjy döwletleriň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
Şu gün bu sammitiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “Garagum” myhmanahasynda brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu brifinginde sammit netijelerine syn berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň alyp baran brifinginde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň ýurdumyzdaky ilçileri çykyş etdiler.
Şeýle hem dabarada Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk eden 2021-nji ýylda edilen işler barada syn berip, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde bu gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we energetika hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly işleriň ýerine ýetirilendigini bellendi.
YHG-NYŇ SAMMITINIŇ NETIJELERI
Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde YHG-nyň sammitinde gazanylan netijelere syn berildi.
Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary şu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berdiler.
- söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler. Geçen ýylyň jemleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygy 49,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Geljek ýyllarda bu söwda dolanyşygyny 2 esse artdyryp, 100 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.
- ulag-üstaşyr geçelgelerini ýygjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu babatda köp sanly teklipler edildi.
- “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamyna uly ähmiýet berler. Ähli ugurlarda ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerinden ybarat tehnologiýalary ulanmak maksat edilýär.
- “Arassa” energiýa merkezi dörediler. Bu merkeziň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda döredilmek göz öňünde tutulýar.
ÝHY-NYŇ BAÝRAKLARY GOWŞURYLDY
YHG-nyň sammitiniň çäklerinde YHG-niň 5 ugurda baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.
YHG-niň baýragyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekili, ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasynyň hünärmenine baýragy gowşuryldy.
TOGAN ORAL: YHG GURAMASY KÖPRI HYZMATYNY AMALA AŞYRYLAR
Brifingde çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral YHG-nyň sammitine ýokayr baha berdi. Bu sammitiň, galyberse-de bu guramanyň Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän hem-de halkara arenada öz ornuny berkidýän guramalaryň birine öwrülýändigini belledi.
Togan Oral hem Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belläp geçişi ýaly, guramanyň çäklerinde söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, söwda dolanyşygynyň 2025-nji ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi.
PREZIDENT ÄRDOGANYŇ SAPARY TARYHY ÄHMIÝETE EÝEDIR
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Prezident Rejep Täýyp Ärdoganyň bu sammite gatnaşmagy hem-de Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagynyň özboluşly uly waka bolandygyny belledi. Bu saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2 hepde ozal Türkiýede geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň sammitinden soňra amala aşyrylmagynyň hem-de onuň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belledi.
Ilçi bu saparda Türkiýäniň ýokary derejedäki wekiliýete goýlan türkmen myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Hökümetine uly hoşallygyny bildirdi.