DÜNÝÄ

YHG-niň XV Sammitine taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi.

YHG-niň XIV Sammitinde ýurdumyz bu gurama başlyklygy kabul etdi. Şoňa baglylykda, degişli konsepsiýa işlenip taýýarlandy. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzire çenli ministrlikleriň derejesinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Mundna başga-da, iýun aýynda energetika ministrleriniň 4-nji duşuşygyny, YHG-a agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň 5-nji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzir ýylyň 2-nji ýarymynda bellenilen çärelere taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. 28-nji noýabrda YHG-niň XIV Sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wajyp foruma taýýarlyk meseleleri 16-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary bilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli düzgünnama, şol sanda oňa giňden maglumat gollanmasyny üpjün etmek, forumyň çäklerinde degişli çäreleir guramak, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde onuň maksatnamasynyň, gün tertibiniň we jemleýji resminamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli teklip işlenip taýýarlandy.

 

Hytaý kompaniýasy Galkynyş käninde täze guýylary gurar

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk