SPORT

Ýewropanyň çempiony “Galatasaraý” toparynda oýnar

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony bolan we soňky gezke Italiýanyň “Milan” toparynyň düzüminde çykyş eden Alwaro Morato “Galatasaraý” topary bilen şertnama baglaşdy. 32 ýaşyndkay ispan futbolçy türk toparynda kärendesine oýnar.

Kärende möhleti 2026-njy ýylyň ýanwarynda tamamlanýar we “Galatasaraý” şol döwürde islän halatynda bu futbolçyny 8 million ýewro satyn alyp biler ýa-da kärende möhletini şol ýylyň tomsuna çenli uzadyp biler.

Morata “Milan” toparynda ýarym möwsüm ýonady we 25 duşuşykda 6 gol geçirdi. Ol bu italýan toparyna Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyndan gelipdi.

Häzirki wagtda “Galatasaraý” topary 20 duşuşykdan soňra 54 utuk bilen Türkiýäniň futbol çempionatynda birinji orny eýeleýär.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy