DÜNÝÄ

Ýewropa komissary Ýozef Sikela Merkezi Aziýada saparda bolar

12-18-nji mart aralygynda Halkara hyzmatdaşlyklar boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela ÝB-Merkezi Aziýa sammitiniň öňüsyrasynda ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem iş ýerleriniň döredilmegine we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen ÝB-niň maýa goýum strategiýasy – “Global Gateway” başlangyçyny giňeltmek üçin Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda saparda bolar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Komissar saparyny Türkmenistandan başlar we ýurduň ýolbaşçylary, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. Komissar şeýle-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşi üçin wajyp strategiki nokat bolan Türkmenbaşy portuna baryp görer.

Gazagystanda komissar hökümetiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar, ulag we çig mallaryň möhüm görnüşleri pudaklarynda ikitaraplaýyn we sebitleýin ylalaşyklaryň gol çekiliş dabarasyna, metbugat-maslahatlaryna gatnaşar, şeýle hem Gazagystanda we ÝB-de işewürligiň wekilleri bilen duşuşar.

Täjigistanda komissar ýurduň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirer. Soňra bolsa ýaşyl energiýa geçiş we pagtanyň ýerli gymmat emele getiriş zynjyrynyň ösüşine goldaw bermäge gönükdirilen ýokary ähmiýetli taslamalaryň gol çekiliş dabarasy geçiriler. Şeýle hem Sikela Rogun gidroelektrik stansiýasyna barar.

ÝB-niň komissary Gyrgyzystanda ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşup, suw baýlyklary, energetika, ulag we adam ösüşi ugurlaryndaky taslamalara gol çekiliş dabaralaryna gatnaşar. Ol şeýle hem, ýurda Bütindünýa banky, Aziýanyň ösüş banky we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar.

Komissar saparyny Özbegistanda jemlär we ol ýerde hökümetiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer. Ol Almalyk dag-magdan kombinatyna barar, şeýle hem özbek we ýewropa telekeçileri bilen gepleşikleri geçirer. Şeýle hem ol sanly aragatnaşyk pudagynda sebitleýin taslamalara bagyşlanan gol çekişlik dabarasyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuda çäre geçirildi

Kaliforniýa Uniwersitetinde Halkara Nowruz güni bu ýyl hem belleniler

Özbegistanyň Prezidenti Fransiýada döwlet saparynda bolar

Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygy geçiriler

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 2 aýynda 44 duşuşyk guraldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkiýäniň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy