SPORT

Ýewropa çempionaty: sanlar we maglumatlar

Futbol boýunça Ýewropar çempionatynyň 60 ýyllygy mynasybetli şu gezekki çempionat Ýewropa yklymynyň ähli ýerine ýaýbaňlandyryldy. Ýewropanyň 11 şäherinde bu futbol şüweleňi geçirildi.

ÝEWROPA ÇEMPIONATY: SANLAR WE MAGLUMATLAR

  • 11 şäher bu ýaryşy kabul etdi – London, Sankt-Peterburg, Rim, Baku, Buharest, Budapeşt, Kopengagen, Glazgo, Sewilýa, Mýunhen, Amsterdam.
  • Umuman, Ýewropa çempionatynda 51 duşuşyk meýilleşdirildi.Şonuň 48-si geçirildi. Galdy 3 duşuşyk.
  • 48 duşuşykda 135 gol geçirildi. Duşuşyk başyna 2,82 gol düşýär.
  • Ispaniýa geçirne 12 goly bilen iň netijeli ýygyndy hasaplanýar.
  • Italiýanyň hem-de Daniýanyň ýygyndylary hem 11 gol geçirdi.
  • Pökgüni iň köp özünde saklamak babatda Ispaniýa öňdeligi eýeleýär. Olaryň bu ugurdaky göterim gatnaşygy 67,2 göterime deňdir.
  • Futbolçylaryň biri-birine topy dürs geçirmeginde (pas bermek) hem Ispaniýanyň ýygyndysy öňde. Bu ugurdaky göterim 89.4 göterime deňdir.
  • Häzirki wagta çenli iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 5 gol bilen Kristiano Ronaldo öňde barýar. Ikinji orunda çehiýaly Patrik Şik durýar. Onuň hem gollarynyň sany 5-e deň. Ýöne Ronaldo gol paslaryny hem berendigi üçin birinji orny eýeleýär.
  • Ýewropa çempionatynda iň köp menzil aşan futbolçy ispaniýaly Pedri boldy. Ol Ispaniýanyň şu çempionatdaky ähli duşuşyklarynda çykyş edip, 61,5 kilometr ýol geçipdir.
  • Derwezebanlaryň arasynda derwezesine goldan halas etmekde birinjiligi Şweýsariýanyň derwezebany Ýan Sommer eýeledi. Ol 21 goluň öňüni aldy. bu sanawda ikinji orny Türkiýäniň milli ýygyndysynyň derwezebany Ugurjan Çakyr eýeläp, ol 18 gezek derwezesini goldan halas etdi.

6-njy iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türk tälimçi saud toparyna tälim berer

Ata Watan Eserleri

“Globe Soccer Awards”: Winisius – “iň gowy futbolçy”

Türkmenistanda “Iň ökde oýunçy” – Elman Tagaýew

Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!

«Arkadag» topary möwsümi 3 kubok bilen tamamlady

Ukrain boksçy Usik Taýson Fýurini ýene-de ýeňdi