DÜNÝÄ

Ýewropa Birleşiginiň başlyklygy Germaniýa geçdi

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmek iýul aýynyň başyndan Horwatiýadan Germaniýa geçdi. Bu möhlet alty aý dowam eder we 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Portugaliýa döwletine tabşyrylar.

Öňümizdäki alty aýyň dowamynda Germaniýa pandemiýanyň, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň täsirini ýeňip geçmäge, Ýewropanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge we sanlylaşdyrmaga has köp üns berer. Mundan başga-da Germaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň esasy geosyýasy hyzmatdaşlary – Hytaý, Russiýa we ABŞ  bilen gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ähmiýet berer.

Bir näçe gün mundan öň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Horwatiýanyň premýer-ministri Andreý Plenkowiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. “Başlyklyk döwründe Germaniýa, Horwatiýa döwründe gazanylan üstünliklerine bil baglar” –diýip, federal respublikanyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi