SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Bileleşigi ýene-de bir sanjymy bellige aldy

Ýewropa Komissiýasy britan-şwesiýa derman kärhanasy tarapyndan öndürilýän “AstraZeneca” atly koronawirus keseline garşy sanjymy,Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda ulanylmagyny tassyklady. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen özüniň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasyna belläp geçýär.

“Ýewropa derman gullugy tarapyndan gowy baha berlenden soňra, Ýewropa Bileleşiginiň bazarlarynda “AstraZeneca” sanjymyna ygtyýarnama berdik” diýip, komissiýanyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen nygtap geçýär.

Komissiýanyň başlygy şertnama laýyklykda, bu kompaniýanyň Ýewropa Bileleşigine 400 million doza möçberinde sanjym bermelidigini aýtdy. Mundan ozal, Ýewropa Bileleşiginde “BioNTech-Pfizer we Moderna” koronawirusa garşy sanjym tassyklanyldy. “AstraZeneca” sanjymy Ýewropa Bileleşiginiň üçünji tassyklanan sanjym boldy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär