Şu gün Germaniýanyň Maýn derýasynyň boýundaky Frankfurt şäherinde 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa futbol çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bu saýlama tapgyrynda milli ýygyndylar 10 toparça bölündiler we Ýewropa çempionatyna gatnamak üçin özara bäsleşerler.
TOPARÇALAR ŞEÝLE:
A toparça: Ispaniýa, Şotlandiýa, Norwegiýa, Gruziýa, Kipr.
B toparça: Niderlandlar, Fransiýa, Irlandiýa, Gresiýa, Gibraltar.
Ç toparça: Italiýa, Angliýa, Ukraina, Demirgazyk Makedoniýa, Malta.
D toparça: Horwatiýa, Uels, Ermenistan, Türkiýe, Latwiýa.
E toparça: Polşa, Çehiýa, Albaniýa, Farer adalary, Moldowa.
F toparça: Belgiýa, Awstriýa, Şwesiýa, Azerbaýjan, Estoniýa.
G toparça: Wengriýa, Serbiýa, Çernogoriýa, Bolgariýa, Litwa.
H toparça: Daniýa, Sloweniýa, Finlýandiýa, Gazagystan, Demirgazyk Irlandiýa, San-Marino.
I toparça: Şweýsariýa, Ysraýyl, Rumyniýa, Kosowa, Belarus, Andorra.
J toparça: Portugaliýa, Bosniýa-Gersegowina, Islandiýa, Lýuksemburg, Slowakiýa, Lihtenşteýn.
Bije çekilişige 53 milli ýygyndy gatnaşdy. Ýewropa çempionatyny gurnaýan Germaniýa saýlama tapgyryna gatnaşman, gönüden-göni çempionata gatnaşýar.
Toparçada birinji we ikinji bolan milli ýygyndylar Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 23-25-nji martynda başlaýar. 19-21-nji noýabrda toparçalardaky soňky hepdäniň duşuşyklary geçiriler. Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.
Germaniýada bu çempionatyň duşuşyklary 10 şäherde geçiriler. Çempionatyň açylyş duşuşygy Mýunhen şäherindäki “Allianz Arena” stadionynda, final duşuşygy bolsa Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Şeýle hem Germaniýanyň Berlin, Köln, Mýunhen, Frankfurt, Gamburg, Dortmund, Leipsig, Gelsenkirşen, Ştutgart we Dýusseldorf şäherlerinde çempionatyň duşuşyklary oýnalar.
2020-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda italiýa çempion bolupdy. Bu çempionat pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilip geçirilipdi.