Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda topardaky duşuşyklar tamamlandy. Plef-off, ýagny 1/8 final tapgyryna galan milli ýygyndylar bir-iki gün dynç alýarlar. 1/8 final tpagyrynyň duşuşyklary 26-njy iýunda, ýagny ertir başalaýar.
ÇEMPIONAT BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR
- 24 milli ýygyndydan 16-sy topardan çykyp, 1/8 final tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.
- Türkiýe, Finlýandiýa, Russiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Şotlandiýa, Slowakiýa, Polşa, Wengriýa ýaly ýurtlar öýlerine dolandylar.
- 2 milli ýygyndy 0 utuk bilen çempionaty tamamlady. Olar Türkiýäniň hem-de Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndylarydyr.
- “WhoScored” portaly, Ýewro-2020 ýaryşynyň topardaky tapgyrynyň iň oňat 100 futbolçysynyň sanawyny hödürledi. Birinji orny 8,84 bal bilen belgiýaly Kewin De Bruýne eýeledi. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kristiano Ronaldo 8.06 ball bilen ikinji, niderlandly Frank De Ýong 7.87 ball bilen üçünji orny eýeledi.
- Ýewropa çempionatynyň topardaky duşuşyklarynda iň köp hasaply duşuşyklaryň biri Ispaniýa bilen Slowakiýa boldy. Ispanlar 5:0 hasabynda utdy.
- Çempionatyň topardaky duşuşyklarynda 16 gezek 11 metrlik jerime urgulary bellendi. Olaryň 6-synda derwezebanlar gola rugsat berdiler.
- Ukraina taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda 1-8 finalyna çykdy.
- Russiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Artyom Dzýuba Ýewro-2020 oýunlarynda kelle bilen urlan toplarda öňdeligi eýeledi. Ol garşydaşlaryna garanyňda, 25 gezek kelle toplarynda üstünlik gazandy.
- 2015-nji ýyldan bäri Karim Benzema Fransiýanyň milli ýygyndysynda ilkinji goluny geçirdi.
- Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksandr Golowin Ýewro-2020 çempionatynyň topardaky duşuşyklarynda iň köp menzil geçne futbolçy boldy. Ol 36 kilometr ýol geçdi. Bu ugurda ikinji orny Çehiýadan Tomaş Souçek (35,1 km) hem-de üçünji orny Wengriýadan Adam Nad (34,8 km) eýeledi.
- Kristiano Ronaldonyň rekordlar hem çempionatyň esasy wakalary boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde 109 gol geçirip, eýranly Ali Daeiniň rekordyny gaýtalady. Ýewropanyň we dünýä çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi boldy.
25-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama