SPORT

Ýewro-2020-niň iň gowy we owadan goly saýlandy

Futbol boýunça Ýewropa çempionayt tamamlandy. 11-nji iýun-11-nji iýul aralygynda geçirilen bu futbol şüweleňi tamamlandy, ýöne onuň dowamynda geçirilen biri-birinden ajaýyp gollar, 11 metrlik jerime urgulary, awtogollar, uzak aralykdan geçirilen gol, rekordlar  entek-enteklerem futbol synçylarynyň hem-de janköýerleriň özara söhbetdeşliginiň esasy mowzugy bolup durýar.

Futbol janköýerleri Ýewropa çempionatynyň iň gowy goluny saýlady. Ol hem çehiýaly Patrik Şikiň çempionatyň birinji tapgyrynda Şotlandiýanyň derwezisine 45 metr uzaklykdan geçiren goly boldy.

Germaniýanyň “Baýer” toparynda oýnaýan bu futbolçynyň goly üçin köp sanly janköýer öz sesini berdi. UEFA-nyň tehniki synçylary tarapyndan saýlanyp alnan iň owadan gollar üçin bir gije-gündüziň dowamynda 800 müň janköýer öz sesini berdi.

Mälim bolşy ýaly, italiýa Ýewropanyň çempion boldy. Çempionatyň iň goey futbolçysy hökmünde Italiýanyň derwezebany Janluiji Donnarumma, iň ýaş gowy futbolçysy hökmünde Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Pedri we iň netijeli, ýagny köp gol geçiren futbolçy hökmünde bolsa Portugaliýanyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo saýlanypdy.

Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbi tutuldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi