JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Italiýadan taryhy rekord

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “A” toparynyň ähli duşuşyklary tamamlandy. Topardaky soňky, ýagny 3-nji duşuşykda Italiýa Uelsiň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda, Şweýsariýanyň ýygyndysy bolsa Türkiýäniň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

ITALIÝANYŇ TARYHY REKORDY

Italiýanyň milli ýygyndysy “A” toparyndaky ähli duşuşyklaryny ýeňdi. Türkiýä bilen Şweýsariýanyň ýygyndylaryny 3:0 hasabynda ýeňen Italiýa soňky duşuşygynda Uelsiň ýygyndysyny hem 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 39-njy minutda Pessina öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde Italiýanyň ýygyndysy 9 utuk toplap, topardan birinji bolup çykmagy başardy.

Italiýanyň ýygyndysy Roberto Mançininiň tälim bermeginde 30 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. 1930-njy ýylda goýlan rekordy gaýtalady.

ŞWEÝSARIÝA 3-NJI ORUNDA GALDY 

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy bolsa Türkiýäniň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Şweýsariýa 4 utuk toplandygyna garamazdan, 3-nji orunda galdy. Türkiýäniň ýygyndysy bolsa Ýewropa çempionatyny ýeke-täk geçiren goly bilen tamamlady. Ony hem Irfanjan Kahweji öz adyna ýazdyrdy. Umuman, Türkiýäniň ýygyndysy üçin iň şowsuz Ýewropa çempionatlaryň birine öwrüldi.

Şeýlelikde, “A” toparynda Italiýanyň ýygyndysy 9 utuk bilen birinji orny eýeledi, Uels 4 utuk bilen 2-nji, Şweýsariýa 4 utuk bilen 3-nji, Türkiýe 0 utuk bilen 4-nji orny eýeledi.

Italiýa bilen Uels indiki tapgyra çykdy. Şweýsariýa bolsa iň gowy netije görkezen we 3-nji orny eýelän ýygyndy hökmünde indiki tapgyrma çykmaga mümkinçilik aldy.

 

 

20-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri