JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Italiýa ilkinji finalçy

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygy tamamlandy. Onda Ýewropanyň iki güýçli topary Italiýa bilen Ispaniýa duşuşdy.

Esasy wagty, ýagny 90 minuty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary mälim etdi. 11 metrlik jerime urgularynda üstünlik italiýanyň peýdasyna boldy.

60-njy minutda Federika Kiezanyň goly bilen 1:0 hasabynda öňe çykan Italiýanyň ýygyndysy bu üstünligini gorap bilmedi. 80-nji minutda ispanlardan Alwaro Morato hasaby deňledi.

Soňra 30 minut goşmaça wagt bellendi. Onda-da ýygyndylara tapawutlanmak başartmady.

11 METRLIK JERIME URGULARY

Duşuşykdan soňra ýeňijini kesgitlemek üçin 11 metrlik jerime urgurlayr bellendi. Onda Italiýanyň ýygyndysy 4:2 hasabynda üstün çykyp, Ýewropa çempionatynyň ilkinji finalçysy boldy.

Italiýanyň ýygyndysyndan Belotti, Bonuççi, Bernardeski we Jorjinýo 11 metrlik jerime urgularyndan tapawutlandy, Lukotelli bu urgudan peýdalanyp bilmedi.

Ispaniýadan bolsa Morena we Alkantara 11 metrlik jerime urgularyndan tapawutlandy, Olmo we Morato tapawutlanyp bilmedi.

italiýa indi şu gün oýnaljak Daniýa bilen Angliýanyň duşuşygynyň netijesi boýunça finaldaky garşydaşyna garaşýar. Final duşuşygy 11-nji iýulda geçiriler.

DUŞUŞYGYŇ MÖHÜM STATISTIKALARY

  • Italiýanyň ýygyndysy 4-nji gezek finala çykýar. Ýewropa çempioantynda finala çykmakda öňdeligi Germaniýa eýeleýär. Germanlar 6 gezke final oýnady.
  • Italiýa we Ispaniýa Ýewropa çempionatynda 6 gezek duşuşygyň ykbalyny kesgitleýji  11 metrlik jerime urgularyna sezewar boldular. Italýan 3 gezek, ispanlar 2 gezek 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýeňiş gazandy.
  • Italiýa Ýewropa çempionatynda bassyr 15 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Galyberse-de, Italiýanyň ýygyndysynyň umumylykdaky ýeňilmezek görkeziji 33 duşuşyga çykdy.
  • Bonuççi we Kýellini Ýewropa çempionatynda ikinji gezek final tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy.
  • Italiýanyň ýygyndysy 1968-nji ýylda Ýewropa çempionatynda çempion bolupdy.

 

Babamyrat Babaýew: Arzuwyma gowşan dünýäm

Ýene-de okaň

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri

O.Atabaýewa: gaznanyň hasabyna 700-den gowrak çaga operasiýalar geçiriler

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

«Arkadag» – «Al-Ahli»: 1-1 deňme-deň tamamlandy