JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: 41 ýyldan soňra taryhy gol

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 41 ýyldan soňra uzak aralykdan pökgi derwezä girizildi. Ony çehiýaly futbolçy Şik öz adyna ýazdyrdy.

Düýn “D” toparynda Çehiýanyň milli ýygyndysy bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Çehiýanyň milli ýygyndysy örän gowy oýun görkezip, garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Ýewropa çempionatynyň iň owadan gollarynyň biri derwezä gönükdirildi. Çehiýaly futbolçy Patrik Şik 45,5 metr uzaklykdan pökgüni derwezä girizdi. Şeýle gol soňky gezek 1980-nji ýylda geçirilipdi.

Şeýle hem Çehiýanyň beýleki goluny hem Patrik Şik öz adyna ýazyrdyrdy.

Şeýlelikde, “D” toparynda Çehiýanyň hem-de Angliýanyň 3 utugy, Şotlandiýa bilen Horwatiýanyň 0 utugy bar.

“E” TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY HEM GEÇIRILDI

Düýn “E” toparynyň hem duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Polşa bilen Slowakiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Bu duşuşykda slowaklar polýaklary 2:1 hasabynda utdy. Duşuşygyň 18-nji minutynda Şçensny öz derwezesine gol geçirip, Slowakiýany 1:0 öňe geçirdi. Ol öz derwezesine gol geçiren ilkinji derwezeban boldy.

Soňra 46-njy minutda Polşadan Linetti hasaby deňledi. Ýöne 69-njy minutda Şkrinýar hasaby 2:1-e getirip, Slowakiýa ýeňöiş gazandyrdy.

Toparyň beýleki duşuşygynda Ispaniýanyň we Şwesiýanyň milli ýygyndylary deňme-deň oýnadylar. Bu duşuşykda gol geçirilmedi.

Bu duşuşyklardan soňra “E” toparynda Slowakiýanyň 3 utugy, Ispaniýa bilen Şwesiýanyň 1 utugy. Polşanyň bolsa 0 utugy bar.

 

Stambuldan ýörite uçar gatnawy : «Türkmenistan» awiakompaniýasy

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri