BIZNES

Ýewraziýa ulag geçelgesi: 6 ýurduň wekilleri Tähranda duşuşdylar

Özbegistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol pudagynyň wekilleri Tähranda duşuşyp, Ýewraziýa ulag geçelgesiniň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşlikde Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa ugry boýunça täsirli we yzygiderli ulag geçelgesini döretmek meselesine aýratyn üns berildi.

Bu hyzmatdaşlyk diňe bir sebitara gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, global üpjünçilik zynjyryny hem ösdürer. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gazagystanyň çäginden geçýän Hytaý-Eýran ýoly boýunça konteýner daşamagyň ösüşi 2,6 esse ýokarlandy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, logistika amallaryny utgaşdyrmak we halkara bazarlaryna çykmagy üpjün etmek üçin sebit geçlegeleri ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar