Şu gün Gazagystanyň ozalky paýtagty Almaty şäherinde 17-nji “Ýewraziýa” halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Bu festiwalyň bäsleşik kategoriýasynda Türkmenistanyň kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren “Daragt” çeper filmi hem kino tomaşaçylara hödürlener.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Ýewraziýa” halkara kinofestiwalynyň ähmiýetini belläp, onuň kino pudagynda täze mümkinçilikler üçin meýdança öwrüljekdigini belledi. Festiwalyň dabaraly açylyşynda Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa Gazagystanyň Prezidentiniň gutlag hatyny okady.
- Üstümizdäki ýylda bu kinofestiwal gazak kinematografy Şaken Aýmanowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de “Gazakfilm” kinostudiýasynyň döredileniniň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Munuň simwoliki manysy bar. Kinematografiýa jemgyýeti döredijilige çagyryp, ähli milletleriň ýokary medeniýetini açyp görkezýär. Şeýle hem ol dürli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar – diýip, gazak Lideriniň gutlagynda bellenilýär.
Merkezi Aziýa we türki dünýäsiniň bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy hytaýly režissýor Li Baohuadyr. Şeýle hem onuň bilen bu kategoriýada bäsleşjek filmlere Abdelila El Jauhari, Alekseý Telnow we Žanna Kuanyşowa baha berer. “Daragt” hem-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly” atly çeper filmleri şu kategoriýada bäsleşýär.
Kinofestiwalda Türkmenistana wekilçilik edýän “Daragt” çeper filmi 28-nji noýabrda ýerli wagt bilen 15:00-da görkeziler.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly” atly çeper filmi bolsa 26-njy noýabrda tomaşaçylara hödürlener.