Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmek hem-de oba zähmetkeşleriniň durmuş hal–ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak boýunça örän köp işler durmuşa geçirilýär. Çünki, ösýän we ösen döwletleriň ykdysadyýetinde oba hojalyk pudagy esasy orny eýeleýär.
Bazar ykdysadyýetine geçilmegi ylmy-tehniki ilerlemäniň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer resurslaryny netijeli peýdalanylmagyny we önümçiligi dolandyrmagyň innowasion görnüşleriniň ornaşdyrylmagyny hem-de şolaryň esasynda bolsa önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklygy talap edýär.
Önümçiligiň ähli serişdelerini aýratyn hem ýer serişdelerini tygşytly, netijeli ulanmaklygyň ýollaryny gözlemek umumy ykdysady zerurlyk bolup durỳar. Oba hojalyk önümçiliginde ýer serişdelerinden peýdalanylanda ýerleri täze hasyl üçin taýýarlamaklyga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda we talaba laýyk geçirmeklige, suw akabalaryny taýýarlamaklyga, bereketli hasylyň binýadynyň berk bolmagy üçin ýerlerde suwaryş işlerini geçirmeklige aýratyn uly üns bermelidir. Ýerleri tekizlemek, dökün dökmek, geriş çekmek, gögeriş suwuny tutmak çäreleri öz wagtynda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi onuň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrar.
Oba hojalygynda ýerden netijeli we ýerlikli peýdalanmak obasenagat toplumynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Oba hojalyk önümçiliginiň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda ykdysady işi guramaklygyň we dolandyrmagyň dürli şertlerini kämilleşdirer.
Önümçiligiň ykdysady netijeliligi birnäçe faktorlara bagly bolýar. Şol sebäpli hem hojalyklarda önümçilige ornaşdyrylýan ykdysady-guramaçylyk täzelikleri işiň görnüşine görä saýlanmagyny talap edýär. Oba hojalyk önümçiliginde ýer serişdelerden peýdalanmagyň, zähmeti guramak, girdejini paýlamak we hasaplaşyklary geçirmekligiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda, taýýarlykly hünärmenleriň bolmagy zerur şert hasaplanýar.
Ýer – oba hojalyk kärhanalarynda önümçiligiň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Öndürilýän önümleriň mukdary, hili we özüne düşýän gymmaty köp derejede ýer böleginiň möçberine we hiline, berkidilen ýeriň şekiline, onuň önümçilik bilen aradaşlygyna köp derejede bagly bolup durýar.
Şeker Permanowa,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady