SIZDEN GELENLER

Ýer tudana hakynda…

1983-nji ýylda ABŞ-nyň Rolkston şäherinde agramy 231 gram bolan uly ýer tudana ösdürildi. Şeýle-de Ýaponiýaly fermer K.Nakao agramy 250 gr, uzynlygy 12 sm, ini 25 sm, beýikligi 8 sm bolan ýer tudana miwesini ňsdürip ýetişdirdi.

Elbetde, ýer tudanasy şireli hem-de süýji gyzyl miweli ösümlik hökmünde bilinmek bilen, häzirkizaman tohumçylygynda ak miweli görnüşleri, şeýle-de gollandiýaly seleksionerler tarapyndan ananas tagamly ak reňkli gibrid görnüşi-de ýetişdirildi. Bişmedik miweler ilki ýaşyl reňkli bolup, bişensoň ak reňke geçýär, agramy 25 gr töweregi. Soňky wagtda Angliýada, Ýaponiýada, Fransiýada, Gollandiýada ol giňişleýin ösdürilýär. Bu görnüş sowuga hem-de gurakçylyga çydamlylygy, dürli kesellere durnuklylygy, aýratyn hem himiki serişdeleri ulanman ekologiki taýdan arassa görnüşde ösdürip bolýanlygy bilen belli boldy.

Ýer tudanasynyň diňe bir ak reňklisi däl-de, gara reňklisi hem ösdürilýär. Oňa “gara şazada” diýýärler. Ilkinji miweleri iýunyň ahyrynda ýetişýär, baldagy örän çalt ösýär, miwesi ysly, şireli hem-de ýalpyldawuk bolup, agramy 30gr deň. Adaty ýer tudana bilen deňeşdirilende miwesi örän dykyz bolup, uzak wagtlap saklanmaga we uzak aralyga daşamaga ýaramlydyr.

Ýer tudana biziň gündelik durmuşymyzda iýmitlik hökmünde ulanýan esasy ir-iýmişleriň biri bolmak bilen, 98% C witamini saklanýar, düzüminde aspirine meňzeş maddalar bolup, kelle agyryny aýyrmakda, gandaky holesteriniň derejesini kadaly saklamakda hem ulanylýar. Şeýle-de ondan taýýarlanan kosmetiki serişdeler derini iýmitlendirmekde ähmiýetlidir.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika