SPORT

Ýer titremede ejir çekenler üçin Ronaldonyň köýnekçesi satyldy

Şu günler Türkiýe Respublikasy güýçli ýertitreme zerarly kyn günleri başdan geçirýär. Dünýäniň ähli döwletlerinden Türkiýe Respublikasyndaky tebigy heläkçilik zerarly ejir çekenler üçin ynsanperwer kömekleri iberilýär.

Türkiýäniň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň “Atalanta” toparynyň futbolçysy Merih Demiralyň başlangyjy bilen dünýäniň ýyldyz futbolçylarynyň futbol köýnekçelerini auksionda satylyp, gelen girdeji tebigy heläkçilige duçar bolan sebitlere gönükdirilýär.

Şeýle haýyr-sahawat işiniň ilkinjisinde Kristiano Ronaldonyň, Leonardo Bonuççiniň hem-de Paolo Dibalanyň köýnekçeleri satylyp, olardan gelen 5 million TL möçberindäki girdeji “AHBAP” haýyr-sahawat birleşigine berildi.

Şeýle hem şeýle kampanýa Erlin Holand, Alwaro Morato, Antuan Grizman, Garri Keýn, Kewin de Bruýne we beýleki futbolçylar hem goşulmagy meýilleşdirýär.

Türkiýede ýertitreme zerarly ähli sport ýaryşlarynda arakesme yglan edildi. Futbol çempionatynyň 3-4-nji martda başlamagy meýilleşdirilýär. Tebigy betbagtçylygyň bolan sebitlerindäki futbol toparlary çempionatdan çykjakdygyny mälim etdi.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndylar, toparlar hem ýer titremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömekleriniň berilmegine öz goşandyny goşýarlar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri