SPORT

Ýene bir ýyldyz futbolçy Saud Arabystanyda oýnar

Ýewropanyň öňebaryjy futbol çempionatlarynyň ýyldyzlaryny özünde jemleýän Saud Arabystanynyň futbol toparlary täze futbolçylary satyn almagy dowam etdirýärler. Şeýle hem ýene-de ençeme futbolçylara teklip bilen ýüzlendiler.

Saud Arabystanynyň ýokary ligasynda çykyş edýän “Al Ahli” topary Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzümindäki Riýad Mahrezi öz hataryna goşdy.

32 ýaşyndaky alžirli futbolçy 2018-2019-njy ýylyň futbol möwsüminde “Lester Siti” toparyndan “Mançester Siti” toparyna geçipdi. Onuň üçin 67.8 million ýewro sarp edilipdi.

Alžirli Mahrez “Mançester Siti” toparynyň düzüminde 487 duşuşykda oýnap, 137 gezek tapawutlandy.

Saudlaryň 1937-nji ýylda döredilen  “Al Ahli” topary mundan ozal, Roberto Firmino hem-de Eduard Mendini hem hataryna goşupdy.

SAUD ARABYSTANA TRANSFER BOLAN FUTBOLÇYLAR

  • Seko Fofana: “Lens” toparyndan “Al Nasr” toparyna geçdi.
  • Sergeý Milinkowiç-Sawiç: “Lasio” toparyndan “Al-Hilal” toparyna geçdi.
  • Jota: “Seltik” toparyndan “Al-Ittihad” toparyna geçdi.
  •  Roberto Firmino: “Liwerpul” toparyndan “Al Ahli” toparyna geçdi.
  • Marselo Brozowiç: “Inter” toparyndan “Al-Nasr” toparyna geçdi.
  • Eduard Mendi: “Çelsi” toparyndan “Al-Ahli” toparyna geçdi.
  • Kalidou Koulibali: “Çelsi” toparyndan “Al Hilal” toparyna geçdi.
  • Ruben Newes: “Wolwerhempton” toparyndna “Al Hilal” toparyna geçdi.
  • Ngolo Kante: “Çelsi” toparyndan “Al Ittihad” toparyna geçdi.
  • Karim Benzema: “Real Madrid” toparyndan “Al İttihad” toparyna geçdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy