JEMGYÝET

Ýelizaweta II aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi habar berdi.

“Şa zenany şu ​​gün öýlän Balmoral galasynda rahat ýagdaýda aradan çykdy” diýlip, Bukingem köşgüniň resmi beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy belläp geçdi.

Soňky döwürde Şa zenany saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly köp sanly çärelere hem gatnaşmandy.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýada milli ýas güni yglan edildi, onuň 10 gün dowam etmegine garaşylýar.

Ýelizaweta II – patyşa Georg VI we Ýeliuzaweta Bouz-Laýonyň uly gyzydyr. Ol 1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde Londonda dünýä indi. 1936-njy ýylda kakasynyň patyşa bolmagy bilen Ýelizaweta britan täjiniň mirasdüşeri boldy. Bilimini öýünde alýar we 1945-nji ýylda britan goşunynyň zenanlar bölümine girýar we Beýik Watançylyk urşy tamamlanandan soňra kiçi komandir harby derejesini alýar.

1947-nji ýylda Ýelizaweta Edinburg gersogy derejesini alan Filipp bilen durmuş gurdy we bu nikadan 4 çagasy dünýä indi. Olar: şazada Çarlz-Uesl şazadasy, şazada gyzy Anna, Ýork gersogy şazada Endrýu we Uessk grafy şazada Edward.

1952-nji ýylda Ýelizaweta kakasy aradan çykandan soňra Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri