DÜNÝÄ

ÝB Owganystanda bilelikdäki diplomatik wekilhana açmakçy

Fransiýa we Ýewropa Bileleşiginiň käbir ýurtlary Owganystanda “Taliban” hereketini resmi hökümet hökmünde ykrar etmezden bilelikdäki diplomatik wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär we bu barada gepleşikler geçirilýär. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bu barada žurnalistlere beren beýanatynda mälim etdi.

– Biz birnäçe ýewropa ýurtlary bilen umumy bir wekilhana açmak babatda gepleşikler geçirýäris. Bu ýerde ýewropaly ilçiler öz işlerini alyp bararlar – diýip, Emmanuel Makron belläp geçdi.

Saud Arabystany we Katar döwletlerinde saparda bolýan Fransiýanyň Prezidenti bilelikdäki wekilhana açmagyň “Taliban” hereketini ykrar etmekden ýa-da olar bilen syýasy dialogy alyp barmakdan apawutly bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem ol diplomatik wekilhanasy açmak üçin onuň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hem degişli işleriň geçirmegiň zerur bolup durjakdygyny aýtdy.

Golaýda Katarda “Taliban” hereketiniň wekilleri bilen ÝB-niň diplomatlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan geljekki hyzmatdaşlyk ugurlary, ÝB-niň Owganystandaky ynsanperwer missiýasynyň işiniň dowam etdirilmegi babatda pikir alşyldy. Bu geňeşmeleriň jemleri boýunça “Taliban” hereketi, Ýewropa Bileleşigi hem-de Kataryň Daşary işler ministrleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi.

 

Ýeriň gara gutusy dörediler

Ýene-de okaň

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň wekiliýeti Awaza forumyna gatnaşýar

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenbaşa geldi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler

Türkmenistan BMG-niň Awaza forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri