PEÝDALY MASLAHAT

Ýaşy boýunça pensiýa : Näçe çaga dogran- haýsy ýaşda pensiýa çykýar

Ýaş boýunça pensiýa hukugy barada okyjylarymyzdan birnäçe sorag  gelip gowuşýar. Biz bu soraglaryň  jogaplary üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtyna ýüzlenýäris.  Şol maglumatlary  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň okjylaryna ýetirýäris.

hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

Üç Çaga dogran aýallar haçan pensiýa hukugyna eýe bolýar?

üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk, 56 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

Dört Çaga dogran aýallar haçan pensiýa hukugyna eýe bolýar?

dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren,hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk, 55 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

Bäş, alty we ýedi  Çaga dogran aýallar haçan pensiýa hukugyna eýe bolýar?

bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

Sekiz Çaga dogran aýallar haçan pensiýa hukugyna eýe bolýar?

sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

Ýaş boýunça pensiýa üçin beýleki haýsy ýagdaýlar bar?

radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken (aýrybaşgalanan zolakdaky iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan):

a) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 25 ýyldan az bolmadyk 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň;

b) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

gipofizar nanizmi (boý ösmezlik-liliput) keseli bilen kesellän ýa-da göýdük (karlik) bolan hökmany pensiýa ätiýaçlandymasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk 45 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 40 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.

GEREKLI RESMINAMALAR

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 33-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça ýaşy boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;

çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy we olary sekiz ýaşyna çenli terbiýeländigine şaýatlyk edýän resminamalar (ýaşy boýunça pensiýa ir çykmaga hukugy bolan aýal maşgalalar üçin);

aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;

zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;

döwlet sylaglary we hormatly atlary hakynda şahadatnamanyň nusgasy (goşmaça tölegler göz öňünde tutulan döwlet sylaglary we hormatly atlary bar bolan adamlar üçin);

pensiýa resmileşdiriljek adamyň “Altyn asyr” plastik bank kartynyň rekwizitleri.

 

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara ýeňillik

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik