Hünärmenleriň bellemegine görä, alkogol hiç haçan “sagdyn” ýa-da “zyýansyz” içgi bolmandyr. Emma ýaş ulaldykça onuň bedene ýetirýän täsirleri has çalt we has agyr duýulyp başlanýar.
Bellik: Bu tema baradaky makalany düýn kitaphanada The New York Times gazetinde okap, ony gysgaça habar edip taýýarlapdym. Öýe gelip saýta ýerleşdirerin diýip pikir edipdim. Emma ‘şol gün akşam şol makalada aýdylýan netijeler bilen baglanyşyklylykda, ýakynda bir tanyş adamyň dünýäden gaýdanyny eşitdim. Şol sebäpden hem, bu maglumatlaryň başgalara-da peýdaly bolup biljekdigine bolan umyt bilen, temany has giňişleýin görnüşde saýta ýerleşdirmegi makul bildim. Bellemeli zat, ýaş wagtynda öwrenilen içmek endigi köplenç uly ýaşda hem dowam edýär.
Bir wagtlar ýüz gram şerap içip, onuň negatiw täsirini şol wagt duýmaýan adamlar, ýyllar geçenden soň şol mukdardaky alkogolyň özlerini çalt ýadadýandygyny, kelle agyry döredýändigini ýa-da ertesi gününi agyr geçirýändigini aýdýarlar. Alymlaryň bellemegine görä, munuň esasy sebäbi — bedeniň ýaş bilen bagly üýtgemegidir.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ýaş ulaldykça adam bedeninde alkogoly dargatmak prosesi haýallaýar. Her ýyl geçdigiçe beden alkogoly öňküsi ýaly çalt özleşdirip bilmeýär. Netijede gan düzümindäki alkogolyň derejesi ýokarlanýar, täsiri bolsa has güýçli bolýar.
Myşsa azalýar, ýag köpelýär
Alymlaryň bellemegine görä, 30 ýaşdan soň her on ýylda myşsa agramy 8 göterime çenli azalýar. Myşsalar bedende suwy köp saklaýanlygy sebäpli, olaryň azalmagy alkogolyň bedende has köp jemlenmegine getirýär. Bu bolsa serhoşlugyň tiz gelmegine we onuň netijeleriniň has agyr geçmegine sebäp bolýar.
Bagyr hem öňküsi ýaly işlemeýär
Ýaş ulaldygyça bagyrdaky fermentler alkogoly dargatmakda öňküsi ýaly täsirli bolmaýar. Netijede adam alkogolyň täsirini has çalt duýýar we bu täsir has uzak dowam edýär. Şeýle-de, käbir adamlarda bagryň ýaglanmagy ýa-da siroz ýaly keseller alkogolyň täsirini has-da güýçlendirip bilýär.
Dermanlar bilen howply täsirleşmeler
Uly ýaşly adamlar köplenç dürli dermanlary kabul edýärler. Käbir dermanlar, hususan-da nerw agyrylaryna, depressiýa ýa-da gan basyşyna garşy ulanylýan serişdeler alkogol bilen bile kabul edilende howply täsir döredip bilýär. Bu ýagdaý koordinasiýanyň ýitmegine, ukynyň bozulmagyna we ýadawlygyň artmagyna getirýär. Esasan hem gan basyşy ýokary bolan adamlarda bu ýagdaý hatda ölüm howpuny hem döredip bilýär.
Suw ýetmezçiligi we ukynyň bozulmagy
Alymlar uly ýaşdaky adamlaryň susuzlygy öňküsi ýaly güýçli duýmaýandygyny belleýärler. Alkogol içilenden soň suwuň ýeterlik içilmezligi kelle agyryna we umumy ýadawlyga sebäp bolýar. Mundan başga-da, alkogol ukynyň hilini peseldýär. Bu ýagdaý ýaş ulaldykça has aýdyň duýulýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, hatda az mukdardaky alkogol hem 40 ýaşdan soň käbir adamlar üçin howply bolup bilýär. Şonuň üçin köp adamlar alkogolyň öňküsi ýaly täsir bermändigini duýup, ondan saklanmagy makul bilýärler.
