SPORT

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde futbola hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlary hem-de futbol klublary halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy diňe bir futboly ösdürmek bilen çäklenmän, duşuşyklarda eminlik edýän hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda hem netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan bilelikde ýaş eminleri ýüze çykarmak we taýýarlamak maksady bilen okuw-maslahatyna badalga berildi.

Institutyň okuw binasynda geçirilýän bu okuw-maslahatyna eminlik ýoluny saýlap alan 30-a golaý talyp gatnaşýar. Olara eminligiň inçe tilsimlerini TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanow, federasiýanyň futzal boýunça hünärmeni Wadim Baratow hem-de institutyň baýry mugallymy, halkara derejeli emin Kakabaý Seýdow öwredýärler.

Okuwy üstünlikli tamamlan ýaşlar geljekde ýurdumyzyň futbol çempionatynda, Kubok ýaryşlarynda hem-de Naýbaşy futzal ligasynda eminlik etmäge mümkinçilik alarlar.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler