SIZDEN GELENLER

Ýaş alym ikinji ylmy işiniň üstünde işleýär

Häzirki wagtda sakarçägeli ýaş alym, Ysmaýyl Myradowiç Muhammetdurdyýew täze ylmy işiniň üstünde işleýär. Ýaş alymyň bu gezekki işi poeziýany sungatyň beýleki görnüşlerine geçirmäge, sanly edebiýatyň üsti bilen türkmen şygryýetini häzirkizaman dünýä edebiýatynyň derejesinde wagyz etmäge bagyşlanýar. Onuň girişden, II bapdan, dört bölümden we netijeden ybarat ylmy işi «Gözel Şagulyýewanyň ömrüniň we döredijiliginiň sungatyň giňişligindäki orny» diýlip atlandyrylýar. Ylmy işiň bölümlerinde edebi seljermeler, deňeşdirmeler, sungaty öwreniş ylmynyň nazaryýetindäki täze pikirler, teklipler we açyçlar öz beýany tapýar.

Ýaş awtoryň ynsanperwer ylymlary ugurly nobatdaky işiniň taslamalary we  bölekleri geçen ýyllaryň dowamynda ylmy-edebi makalalar hökmünde metbugat neşirlerinde, ylmy-populýar žurnallarda hem-de «Öz iliniň şahyrydyr, bu şahyr» (TDNG, 2020ý) atly kitapda çap edildi. Ýaş alymyň ylmy gözleg, seljerme, barlag we synag işleriniň çäklerinde Gülşirin Hanowanyň ssenariýasy esasynda we awtoryň režissýorlygynda mundan iki ýyl ozal «Ykbalym meniň» atly çeper-dokumental film taýýarlanyldy. Şeýle hem şahyryň goşgulary onlarça dilde synag hökmünde terjime edildi. Şahyryň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli öz kitaby bilen ady bir «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly 80 sany mp3 nusgaly, saz bezegli goşgulardan ybarat ýörite albom döredildi.  Häzirki wagtda bolsa ýaş alymyň ýerine ýetirmegindäki goşgularyň mp3 nusgalary aydym.com premiyumynda diňleýjilere hödürlenýär. Ylmy işi ýazmagyň ilkinji tapgyrlarynda oňa Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowanyň ylmy ýolbaşçylyk edendigini hem bellemek bolar.

Şu günler bolsa ýaş alym nobatdaky bu işiniň deslapky tapgyrlarynda onuň dört ýylky netijelerini jemläp, degişli alymlar geňeşiniň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär.

Ýeri gelende bellesek, awtoryň ilkinji ylmy işi 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda degişli bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilipdi.

Y. Muhammetdurdyýew beýleki ugurly döredijilik işleri üçin 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hem ýeňijisi bolupdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesidir.

 

11-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika