SPORT

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Saud Arabystanyda geçiriler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 7-nji Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri belli boldy. Bu oýunlary 2025-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygy kabul eder.

Saud Arabystanynyň Olimpiýa we paralimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şazada Abdulaziz bin Turki Al-Faýsal Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen iri sport ýaryşyny guramak babatda resmi ylalaşyga gol çekmek dabarasynda eden çykyşynda ýakyn ýyllarda Patyşalykda Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşynyň geçiriljekdigini belledi.

Şeýle hem ol soňky ýyllarda Saud Arabystanyda köp sanly iri sport ýaryşlarynyň geçirilýndigini belläp, Saud Arabystanynyň 2034-nji ýylda Aziýa oýunlary we 2023-nji ýylda Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryny geçirmek üçin ýüz tutandygyny mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary ilkinji gezek 2005-nji ýylda geçirildi. Soňra 2007-nji ýylda Makaoda, 2009-njy ýylda Wýetnamda, 2013-nji ýylda Günorta Koreýada geçirildi.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirildi.

Geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary Tailandda geçiriler. 2021-nji ýylda geçirilmeli bu ýaryş koronawirus ýokanjy sebäpli yza süýşürilip gelinýär.

 

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» forumyna taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi