Ýaponiýanyň hökümetiniň baş sekretary Ýosihide Suga ýurdy dolandyrýan Liberal-demokratik partiýasynyň “LDP” ýolbaşçysy wezipesinde saýlandy. Ol 16-njy sentýabrda ýurduň täze Premýer-ministri bolar. Mälim bolşy ýaly, ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden meýletin çekilipdi.
Şu gün irden Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda geçirilen ses berlişikde Suga sesleriň 377-sini alyp, partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinde saýlandy. Ol bu babatda ozalky goranmak ministri Sigeru Isibadan hem-de ozalky daşary işler ministri Funio Kisidadan öňe saýlandy.Olar degişlilikde 68 we 89 ses aldy.
16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň parlamentiniň adatdan daşary mejlisi geçiriler. Şol mejlisde saglyk ýagdaýy sebäpli hökümet baştutany wezipesinden meýletin çekilen Sindzo Abeniň ýerine saýlanjak Premýer-ministr üçin ses berişlik geçiriler.
Parlamentde köp sese eýe bolan Liberal-demokratik partiýasynyň goldawy bilen Ýosihide Suganyň ýurduň täze Premýer-ministri bolmagyna garaşylýar. Ol ýurduň hökümet baştutanlygyna saýlanan halatynda, ozalky Premýer-ministriniň syýasy ugruny dowam etdirjekdigini belledi.
Degişli habarlar:
Ýaponiýa täze Premýer-ministrini saýlar
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistan bilen Ýaponiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy