JEMGYÝET

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Gazagystana we Özbegistan boljak saparyny ýatyrdy

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 9-12-nji awgust aralygynda Gazagystanda, Özbegistanda we Mongoliýada saparda bolmagy meýilleşdiripdi. Gazagystanda bolsa, «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitini geçirmek göz öňünde tutulypdy.

Ýöne Ýaponiýanyň adalarynda güýçli ýertitreme hadysasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi sebäpli Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bu ýurtlara amala aşyrjak saparyny ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada ýapon Premýer-ministriniň hut özi habarçylar bilen bolan metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Şeýle hem ýurduň “Kyodo” resmi habarlar gullugy hem bur barada habar berdi.

– Merkezi Aziýa we Mongoliýa saparlary ýatyrmak barada karara gelindi – diýip, Kisida belläp geçdi. Ol geljek hepdelerde güýçli ýertitreme hadysasynyň ýüze çykmak mümkinçiligini göz öňünde tuutp, bu ýagdaýa taýýarlyk görmek üçin tagalla ediljekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly , 8-nji awgustda ýurduň günorta-günbatarynda 7,1 derejesinde güýçli ýertitreme hadysasy boldy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Ata Watan Eserleri