Şu gün Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy. Bu barada “NHK” ýapon teleýaýlymy habar berdi.
Tejribeli syýasatçy 67 ýaşynda Ýaponiýanyň Nara uniwersitetiniň lukmançylyk uniwersitetinde aradan çykdy. Şu gün partiýasynyň ýygnagyna gatnaşan mahaly Sindzo Abe 41 ýaşly ozal Ýaponiýanyň deňiz güýçleriniň düzüminde gulluk eden Tesuýa Ýamagami tarapyndan janyna kast edildi.
Pajygaly wakada ýaralanan Abe Nara uniwersitetiniň lukmançylyk hassahanasyna ýerleşdirildi we ol şol ýerde aradan çykdy.
Sindzo Abe ýurduň hökümet baştutany bolup işlän döwründe Türkmenistan we Merkezi Aziýa bilen oňat gatnaşyklary ýola goýdy. Ol Türkmenistanda we Merkezi Aziýada saparda bolan ýapon premýer-ministrleriniň biridir.
Ol Ýaponiýanyň uzak wagtlap Premýer-ministr bolan syýahatçylaryndan biridir. Ol ýurduň 57-nji we 63-nji hökümet baştutanydyr. Ol ilkibaşda 2006-2007-nji we 2012-2022-nji ýyllarda Premýer-ministr bolupdy.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sinzo Abeniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýurtda bir günlük milli ýas yglan etdi. “Öňki Premýer-ministr Sinzo Abe çuňňur hormat goýýandygymyzyň nyşany hökmünde 2022-nji ýylyň 9-njy iýulynda bir günlük milli ýas yglan ediler” -diýip, “Twitter” jemgyýetçilik torunda mälim etdi.
