DÜNÝÄ

Ýaponiýaly ozalky şazada gyzy ABŞ-a göçüp gitdi

Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň ozalky şazada gyzy Mako özüniň talyp synpdaşy Keý Komuro bilen durmuş gurup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda täze durmuşyna başlady.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýaponiýaly şazada gyzy Mako oktýabr aýynda Ýaponiýanyň adaty raýaty Keý Komuro bilen durmuş gurup, Ýaponiýanyň imperator maşgalasyny terk etdi. Ýaş çatynjalar durmuş ýoluny Nýu-Ýork şäherinde dowam eder.

“Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Mako bilen Komuro şu gün ABŞ-a gitdiler.

Olar Tokionyň Haneda howa menzilinden Nýu-Ýork şäherine gitdiler. Keý Komuro ABŞ-da okuwyny tamamlap, amerikaly kompaniýalaryň birinde hukukçy bolup işe başlaýar.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň imperator maşgalasyna degişli 1947-nji ýyldaky kanunçylygyna laýyklykda, imperator maşgalasyndan zenan maşgala adaty rýat bilen durmuş guran halatynda imperator derejesinden ýüz öwürmeli bolýar.

Şazada gyzy Mako hem şol hukugyndan peýdalandy. Ol imperator derejesinden ýüz öwrüp, 150 million ýen möçberindäki (1.3 million dollar) döwlet kömek puluny hem kabul etmedi.

Mako bilen Keý Komuro 2012-nji ýyldan bäri biri-birini tanaýar.

Soňky maglumatlara görä, Mako bilen Komuronyň uçary Jon Kennedi howa menziline gondy. Ýaş çatynjalar Nýu-Ýork şäherinde ýaşarlar. Ozalky şazada gyzy Mako hem bu şäher iş gözleýär. Onuň hem Amerikanyň taryhy muzeýleriniň birinde işe durup biljekdigi aýdylýar.

 

Horwatiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy