SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýaponiýadsn gelen lukmanlar Aşgabadyň saglygy goraýyş edaralarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde hassalaryň saglygyny bejermek işine gatnaşýarlar. Aşgazan-içege ýollarynda häzirki zaman endoskopiki hirurgiýa amallaryny netijeli geçirmekde tejribeleriň alşylmagy ýerli lukmanlar üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Saglygy goraýyş işgärleri ornaşdyrylan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda, ýüze çykarmakda netijeli ulanmak babatda hem pikir alyşdylar.

18-nji noýabrda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň professor-lukmanlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda häzirki zaman hirurgiýa bejeriş usuly bolan endoskopiki hirurgiýa ulgamynda gazanylanlary we olaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berildi.

Maslahatda lukmançylygyň tyg ulanmazdan bejeriş usullary boýunça pikir alşyldy.

— Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýerli lukmanlar bilen bilelikde endoskopiki hirurgiýa amallaryny ýerine ýetirdik. Lukmançylyk bejerişinde täze anyklaýyş we bejeriş usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň ýokary netijeliligini we hilini gazanmaga ýardam edýär. Iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşýandygymyza diýseň şatdyrys — diýip, Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň professory, endoskopiýa lukmany Tomohiko Mariama aýdýar.

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi