SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýadan 3-nji doza sanjym karary

Ýaponiýada “Pfizer”, “Moderna” ýa-da “AstraZeneca” sanjymynyň 2 dozasyny alanlar, ýüz tutan halatynda ozal alan sanjymdan 3-njisini alyp bilerler.

Ýaponiýada “COVID-19” pandmeiýasyna garşy göreşmek üçin sanjymyň üçünji dozasyny ulanmak kararyna gelindi.

“Kýodo” habarlar gullugynyň habaryna görä, “COVID-19” garşy göreş geňeşi pandemiýanyň wariantlaryna garşy göreşde sanjymyň 3-nji dozasyny urmak meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

Waksina öndürijileriniň 3-nji dozanyň zerurlygy baradaky çagyryşlaryny göz öňünde tutup, Ýaponiýanyň geňeşi sanjymyň 3-nji dozasyny almak isleýänler üçin meýilnamany durmuşa geçirmek kararyna geldi.

Waksinanyň üçünji dozasynyň başlanýan senesiniň jikme-jiklikleri we meýilnamasynyň gerimi soňra yglan ediljekdigi bellenildi.

126 million ilaty bolan Ýaponiýada “COVID-19” sanjym kampaniýasy 2021-nji ýylyň fewral aýynda başlanypdy.

 

Ýene bir döwlet “AstraZeneca” sanjymyny öndürer

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar