TEHNOLOGIÝA

Ýaponiýada täze ministr wezipesi döredildi

Ýaponiýa täzeçil tehnologiýalara has köp ähmiýet bermegi meýilleşdirýär. Şonuň üçin bu ýurtda “startap” tehnologiýada täzeçil pikirleri öňe sürmek üçin ýörite ministr wezipesi döredildi. Oňa Daýsiro Ýamagiwa bellendi.

Ýurduň hökümetiniň baş sekretayrnyň orunbasary Seýdzi Kihara žurnalistlere beren beýanatynda täze ministr Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde işläp, ýylyň ahyryna çenli startaplaryň 5 ýyllyk meýilnamasyny taýýarlamagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Ol ýurtda startaplaryň sanyny 10 esse artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň biri hem startaplaryň ösdürilmegi bolup durýar.

Şeýle hem, golaýda Ýaponiýada ýene-de bir ministr wezipesi döredilip, ol hem “ýaşyl transformasiýa” ugruna gözegçilik eder. Ol ýapon ykdysadyýetiniň arassa tehnologiýa esaslanmagyny gazanmak işine jogapkär bolar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi