DÜNÝÄ

Ýaponiýada “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyň tanyşdyrylyşy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şýele hem gepleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby bilen tanyşdyry.

Ýapon tarapy, öz gezeginde, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm ornuny giňişleýin belläp geçýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar