JEMGYÝET

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň iýeroglifi saýlandy

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň iýeroglifi saýlandy. Ol ýapon dilinden çap edilende “altyn” diýen manyny berýän “kin” iýeroglifi saýlandy.

Ýurduň ýaşaýjylary şu simwoly saýlap aldylar. Ol hem Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýapon türgenleri tarapyndan rekord derejesinde altyn medalyň gazanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň 23-nji iýuly-8-nji awgusty aralygynda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýer eýeleri Ýaponiýa 58 medal gazanyp, şolaryň 27-si altyn medaldyr.

“Kin” 130×150 santimetr ululykdaky kagyza çekildi. Ony 81 ýaşly din işgäri Seýhan Mori göni ýaýlymda çekdi. Ol Kiotodaky Arassa suw ybadathanasynyň baş ruhanysydyr. Bu onuň her ýylky wezipesidir. Ol munuň üçin 33 santimetrlik çotgasyny ulanýar.

Ýylyň iýeroglifini saýlamak üçin pikir soraşyklyk geçirildi. Oňa 224 müň adam gatnaşdy.

2020-nji ýylda “ýakyn” iýeroglifi saýlandy. Ol hem koronawirus ýokanjy sebäpli adamlaryň üýşen ýerinden uzak durmak maksady bilen saýlandy.

 

Angliýanyň futbol toparlarynda koronawirus wakalary köpelýär

Ýene-de okaň

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza forumy üçin aragatnaşygyň döwrebap mümkinçilikleri hödürlener