SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýa mart aýyna çenli daşary ýurtlulara ýapyk bolar

Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurt raýatlarynyň ýurda gelmegine girizilen çäklendirmäni fewral aýynyň ahyryna çenli uzaltdy. Bu barada degişli çözgüde Premýer-ministr Fumio Kisida gol çekdi.

Ýurduň hökümet ýolbaşçysynyň bellemegine görä, nobatdaky çäklendirmäniň sebäbi diňe bir dünýäde däl, eýsem Ýaponiýada hem koronawirusyň täze görnüşiniň çalt ýaýramagydyr. Ýurtda “omikron” görnüşi bilen keselleýänleriň sany yzygiderli artýar. Golaýda Okinawa prefekturasynda bu görnüş ýüze çykdy.

Premýer-ministr okuw, iş we syýahatçylyk maksatly daşary ýurtly raýatlaryň ýurda gelmegine girizilen çäklendirmäniň diňe bir hökümetiň alan çözgüdi däldigini belledi. bu barada geçirilen pikir soraşmada, ýaponlaryň 80 göterimden gowragy serhetleriň ýapyk bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edendigini bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabr aýynda Ýaponiýanyň hökümeti sanjym alan syýahatçylaryň gelenden soňra 3 günlük karantin çärelerinden soňra ýurda girmäge rugsat beripdi. Ýöne şol aýyň ahyrynda syýahatçylaryň ähli meýilnamalaryny “omikron” bozdy we ýurt ýene-de daşary ýurtly myhmanlary kabul etmäge çäklendirme girizdi.

 

Ispaniýanyň NaýbaÅŸy kubogynda “El Klasiko”

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar