DÜNÝÄ

Ýapon Imperatory ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar

Ýaponiýanyň Imperaporty Naruhito we imperator aýaly Masako özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar. Ýapon Imperator maşgalasy bu saparyny Beýik Britaniýa amala aşyryp, 19-njy sentýabrda Şa zenany Ýelizaweta II soňku ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşar. Imperator Naruhito we aýaly Masako Haneda howa menzilinden Beýik Britaniýa tarap ugrandygy ýurduň teleýaýlymlarynda görkezildi.

Imperator maşgalasyny howa menzilinde mirasdüşer şazada Akisino we şazada aýaly Kiko ugratdy, Imperator we aýaly Beýik Britaniýadaky dabara gatnaşandna soňra şol gün yzyna Ýaponiýa dolanyp gelerler. Şol döwürde imperatoryň döwlet işleri boýunça wagtlaýyn wezipesini mirasdüşer şazadan Akisino öz üstüne alýar.
Imperator Naruhito tagta geçendne soňra 2019-njy ýylda Beýik Britaniýa sapara barmak isledi, ýöne koronawirus pandemiýasy muňa päsgelçilik döretdi.
Mälim bolşy ýaly 8-nji sentýabrda aradan çykan Şa zenany Ýelizaweta II 19-njy sentýabrda soňky ýoluna ugradylar. Beýik Britaniýada 10 günlük ýas yglan edilip, şol döwürde Patyşalygyň raýatlaryna Şa zenany bilen hoşlaşmaga mümkinçilik döredildi.

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk