JEMGYÝET

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýän raýatlaryň sany ep-esli artdy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi ilçihananyň saýtynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň raýatlaryna ýollan Täze ýyl ýüzlenmesinde mälim etdi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Dostlukly türkmen halky, men Ýaponiýanyň Ilçisi Sasaki Hiroşi.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Meniň Türkmenistanda ilçi wezipesine bellenenimden bäri 1 ýyl 2 aý geçdi. Şol aralykda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary dereje ýolbaşçylaryň özara işjeň saparlary we ykdysady alyş-çalyşlar bolup geçdi. Ýaponiýanyň söwda kompaniýalary we kärhanalary hem Türkmenistanda işewürlik işini işjeň alyp barýarlar.
Mundan başga-da, Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany 2015-nji ýylda takmynan 50-den häzirki wagtda 16 000 adamdan geçdi.
Şu ýyl Ýaponiýada Osaka-Kansai sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Sergide ilkinji milli gün, onuň açylşynyň ertesi güni 14-nji aprelde “Türkmenistanyň güni” bolar. Bu pursatdan peýdalanyp Hormatly Prezident jenap Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň amala aşyrylmagyny arzuw edýärin. Prezident hökmünde Ýaponiýa bolan bu ilkinji sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine uly täsir eder.
Sözümiň ahyrynda, 2025-nji ýylyň ähli türkmen halky üçin bagtdan doly ýyl bolmagyny arzuw edýärin.
Täze ýylyňyz bilen!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary