BIZNES

Ýanwar-iýul aýlary: jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

  • Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy.
  • Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
  • 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11 göterim artdy.
  • Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy