SIZDEN GELENLER

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanda nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirip, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlaglary geçirmek we ulanmaga bermek işi uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi bilen yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny düýpli gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Her ýyl geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyza bildirilýän uly gyzyklanma şaýatlyk edip, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi munuň aýdyň güwäsidir. Energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny seljermek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek bu çäräniň esasy maksady boldy.

Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermek Garaşsyz Watanymyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, sebit döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasy diňe bir türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin hem kuwwatly binýat bolar. TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagy, aýratyn-da, Owganystanda parahatçylygyň berkarar edilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TOPH gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen, owgan halky üçin täze iş orunlary dörediler. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň, umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň hem nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, ol sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edýär.

Ogulbeg Allaberenowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3NGPYD A toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Ylym-bilim – jemgyýetiň hazynasy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady

Ylym-bilim ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşydyr

Türkmen Bitaraplygy – ählumumy gymmatlyk