Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Barselona” toparynyň futbolçysy Lamin Ýamal dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu barada “Transfermarkt” neşiri habar berýär.
17 ýaşly futbolçynyň bazar bahasy 200 million ýewro deň boldy. Şeýle hem ilkinji 5-lige “Real Madrid” toparynyň iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem (180 mln), “Mançester Siti” toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand (180 mln), “Real Madrid” toparynyň hüjümçileri Kilian Mbappe (180 mln) we Winisius (170 mln) girdi.
Ýamal “Barselona” toparynyň ýetişdiren futbolçysydyr. Ol bu topary bilen 2024/25-nji möwsümde Ispaniýanyň çempiony boldy, Ispaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Ol möwsümde 55 duşuşykda oýnap, 18 gol geçirdi.
Şeýle hem Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 2024-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy we ol çempionatyň iň gowy ýaş futbolçysy derejesine eýe boldy.
2024-nji ýylyň oktýabrynda Ýamal “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň ýaş gowy futbolçysy hökmünde saýlandy, şeýle hem şol ýylyň noýabrynda Italiýanyň “Tuttosport” neşiri tarapyndan Ýewropanyň iň ýaş güýçli futbolçysyna gowşurylýan “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy.