SPORT

XIX Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Çžeszýan welaýatynyň gadymy Lýançžu şäherinde XIX Aziýa oýunlarynyň alawyny resmi taýdan ýakmak dabarasy boldy.

Bu alawyň ýakylmagy bilen öňde boljak yklymyň iri sport ýaryşyna 100 günüň galandygy alamatlandyrdy. XIX Aziýa oýunlary 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabr-8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, XIX Aziýa oýunlaryny 2022-nji ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne şol döwürdäki ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, bu ýaryş 2023-nji ýylyň güýzüne süýşürilipdi.

Aziýa oýunlary Hytaýda 3-nji gezek geçirilýär. Mundan ozal, 1990-njy ýylda Pekin şäherinde we 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde yklymyň iri sport ýaryşy geçirilipdi.

photo

Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň berýan maglumatyna görä, XIX Aziýa oýunlarynda sportuň 40 görnüşi boýunça baýrakly orunlar üçin ýaryşlar geçiriler. Aziýa oýunlarynyň sport meýilnamasyna ilkinji gezek breýk-tansy we kibersport hem goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy