DÜNÝÄ

Wýetnamyň Prezidentine gutlag haty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Milli Liderimiz Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

WÝETNAMYŇ PREZIDENTINIŇ SAÝLAWY

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Milli Geňeşi (bir palataly mejlis) duşenbe güni Nguen Suan Fuky ýurduň täze prezidentligine saýlady. Onuň dalaşgärligini deputatlarynyň 97,5% -i goldady. Wýetnamyň konstitusiýasyna laýyklykda Milli Geňeşi, ýurduň ýolbaşçylygyny bellemek hukugy bolan iň ýokary ygtyýarly edaradyr.

2016-njy ýyldan bäri Nguen Suan Fuk ýurduň premýer-ministri bolup işledi. Ol häzirki Wýetnamyň taryhynda 11-nji prezidentidir we saýlanmazdan ozal hökümete ýolbaşçylyk eden ilkinji hökümet başlygy boldy.

 

Oraza wagtlaryň hasaplaýjysy hyzmatyňyzda

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi