JEMGYÝET

Wiza ulgamynda täze tertip

Ýakynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow milli Liderimiziň migrasiýa işlerini kämilleşdirmek, hususan-da, daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlary bellige almagyň hem-de giriş we çykyş wizalaryny resmileşdirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň täze redaksiýasyny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde, dünýäniň syýasy hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasy artýar diýip belledi. Munuň özi Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň ugurlaryny giňeltmekde öz beýanyny tapýar. Şol iş bolsa daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz migrasiýa meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi