DÜNÝÄ

Wise-premýer adatdan daşary toparyň başlygy wezipesini täzeden kabul etdi

Şu gün sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçiren milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan sapardan soňra 3 günüň dowamynda karantin ýagdaýda öz işlerini alyp barandyklaryny belläp, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolandyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn-amanlyk ýagdaýlaryň gowudygyny belläp, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy baradaky Karara täzeden gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadylandygyny aýtdy we bu barada degişli Karara gol çekdi.

Bular barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

 

“Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak maýa goýlar

Ýene-de okaň

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler