SPORT

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçylary brazil futbolçysy Winisiusy isleg bildiren halatynda Saud Arabystanynyň toparlarynyň birine satmaga taýýardygyny belledi. Bu barada “The Telegraph” neşiri habar berýär.

24 ýaşyndaky Winisiusa Saud Arabystanynyň “Public Investment Fund” gaznasyna degişli toparlaryň birine geçmek teklip edilýär. Futbolçy üçin mynasyp topar haçanda taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylan halatynda saýlanylar.

Neşiriň habar bermegine görä, bu transferiň 2025-nji ýylyň tomsunda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulyp, transferiň bahasy 240 million ýewrodan köp bolar. Bu hem futbol taryhynyň iň ýokary transfer bahasy bolup biler.

Häzirki wagtda bu rekord Neýmara degişlidir. Ol 2017-nji ýylyň tomsunda “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna 222 million ýewro geçipdi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý