DÜNÝÄ

Wengriýa Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk baradaky başlangyçlaryny goldaýar

Wengriýa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürmegi meýilleşdirýän ählumumy hopwsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny belledi. Bu barada Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belläp geçdi.

Wengriýanyň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň öňe sürýän her bir teklibiniň BMG-niň Düzgünnamasyny berkitmäge, dürli meseleleriň syýasy ýollar bilen çözülmegine gönükdirilendigini belledi.

– Dünýäniň islendik künjeginde, esasanam goňşy ýurtda parahatçylyga alyp barjak ähli zady goldaýarys – diýip, Wengriýanyň daşary işler ministri belledi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürjek garaýyşlaryny beýan etdi. Şonda ählumumy howpsuzlyga gönükdirilen köp sanly başlangyçlar göz öňünde tutuldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar