JEMGYÝET

Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine baş hukukçy wezipesi giriziler

Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny gaýtadan tassyklamak barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we maglumatlaryň elektron binýady ulgamyny döretmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşynda hereket edýän işgär birliginiň we zähmet haky gorunyň çäginde 3 wezipe birliginden ybarat “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” atly bölümini döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň birnäçesiniň adyny üýtgetmek hem-de baş hukukçynyň wezipesini girizmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýlara has uýgunlaşan hojalyk işiniň köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we beýleki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri, umuman makullap, alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ysraýylyň Eýranyň territoriýasyna eden hüjümleri bilen baglanyşykly beýanaty

Türkmenistan bilen Wenesuela ähtnama gol çekdi

Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär