SIZDEN GELENLER

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň güni

 

Türkmen halky nesil terbiýesinde milli watançylyga aýratyn ähmiýet berýän halk. Şonuň üçin hem merdana, il-güne ýarar şahsyýetleri kemala getirmek ugrunda halk terbiýeçiligi köp asyrlyk we nusgawy ýoly geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi.

Aslynda adamyň duýgularynyň içinde hem watansöýüjilik duýgusy juda ýiti duýulýar. Bu duýgy ynsany ýaşadýan, geljege, durmuşa höweslendirýän güýje eýedir. Bagtyýar zamanamyzyň ösüp barýan nesilleriniň hem watansöýüjilik duýgy-düşünjelerini ösdürmäge, olaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly üns berimegi buýsançly ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-usulyýet işleriniň ählisi arkaly körpejelerde ata Watana, ene topraga bolan söýgini döretmek, olara bu gymmatlyklaryň mukaddesligini düşündirmek esasy wezipeleriň biridir.

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä guralýan çäreleriň hem ählisinde eziz Diýara, mähriban halka bolan hormat, sarpa duýulýar. Çagalar olar arkaly Watanyň nä derejede keramatlydygyna göz ýetirmäge çalyşýarlar. Şeýle çärelerde, baýramçylyk säherliklerinde Watan hakyndaky goşgulary eýjejik görnüşde ýerine ýetirýän, bu hakdaky aýdymlara joşýan bagtyýar çagalary synlanyňda bolsa bu asylly ýol-ýörelgä geljege, nesle we Watana bolan guwanjyň has-da goşalanýar.

Sapaklarda-sözleýişi ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, gezelençleri guramak ugurly okuw işlerinde bolsa ýurdumyza bolan söýgini, onuň gözelligine bolan buýsanjy, tebigatyna aýawly garamak hakdaky düşünjeleri bermekde uly mümkinçilik açylýar. Belent binalaryň, ýaşyl baýdagymyzyň, asuda ýollarymyzyň abadanlygyny, bagy-bossanlygy görüp çagalaryň bu ugurdaky düşünjeleri has-da artýar. Olaryň görýän zatlaryny söz bilen düşündirmek, ähmiýetini we taryhyny çeper dilde düşnikli edip wagyz etmek arkaly olarda kämil dünägaraýşy kemala getirmek bolýar.

Umuman aýdylanda ata-babalarymyzyň gorap, aýap şu günlere ýetiren eziz ýurdy-bu biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan! Bu mekanyň geljekki eýeleri bolsa şu günki nesiller. Şonuň üçin hem olaryň bilim-sowatly, sagdyn bedenli we watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri örän möhümdir.

Bilim terbiýeçilik işlerinde şeýle ähmiýetli işleriň ileri tutulmagy bolsa ýöne ýerden däl. Muňa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz hem aýratyn üns berýär. Biz bolsa watançylygyň belent nusgasyny görkezýän milli Liderimize, ata Watanymyzy röwşen geljegiň altyn sahypalaryna tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.

 

Gurbansoltan AKGAÝEWA,

Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky

 4-nji çagalar bagynyň müdiri.

Türkiýe 2023: Diplomy ykrar edilýän abraýly ýokary okuw mekdepleri

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika